Institutyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary
Seýsmiki işjeňligiň monitoring barlaghanasy
- düýpli we amaly seýsmologik barlaglary alyp barmak, seýsmik düzgüni öwrenmek, seýsmik etraplaşdyrmagyň kartasyny işläp düzmek, seýsmik howpa baha bermek we seýsmologik gözegçilikleriň usulyýetini kämilleşdirmek;
- Türkmenistandaky seýsmologik gözegçilikler ýaýlymynyň netijeliligine baha bermek we ol ýaýlymy sanly stansiýalar bilen gaýtadan enjamlaşdyrmaklygy hem göz öňünde tutmak bilen modifikasiýalaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
- seýsmogen zolaklary ýüze çykarmak üçin ýer gabygynyň we ýokarky mantiýanyň düzümini we gurluşyny öwrenmek;
- bolup geçen ýertitremeleriň epimerkez zolaklarynda makroseýsmik barlaglary alyp barmak.
Geofiziki gözegçilik barlaghanasy
- seýsmik hadysalaryň taýýarlyk we bolup geçýän ýagdaýynda seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň generasiýa kanunalaýyklyklaryny öwrenmek hem-de ýertitremeleriň orta- we gysgamöhletli öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň seýsmik işjeň sebitlerinde geofiziki meýdanlaryň giňişlik we wagt içindäki gurluşyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak;
- usullar toplumy arkaly (seýsmometriýa, elektrometriýa, magnitometriýa, grawimetriýa, geotermiýa) düzgünli gözegçilikleriň netijelerini seljermek we teswirlemek, ýertitremeleriň taýýarlyk we bolup geçiş hadysalary bilen şertlenen gözegçilik edilýän ululyklaryň (parametrleriň) öňünden duýduryjy wariasiýalarynyň generasiýasynyň modellerini işläp düzmek;
- çaklama maglumatlaryny merkezleşdirip toplamak we dessin seljerme bermek, synag meýdanlaryndaky gurşawyň gözegçilik edilýän ululyklarynda (parametrlerinde) anomal üýtgeşmeleriň ýüze çykarylan halatynda çaklama netijenamalaryny taýýarlamak; düzgünli geofizik we gidrometeorologik gözegçilikleriň maglumatlar binýadyny (bankyny) döretmek we üstüni ýetirmek, alnyp barylýan ylmy barlaglary maglumatlar bilen üpjün etmek;
- ýertitremeleriň öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen geofiziki usullar toplumy arkaly alnyp barylýan synag meýdan gözegçilikleriniň geçirilişine ylmy-usulyýet taýdan gözegçilik etmek we olaryň modernizasiýasy üçin teklipleri işläp düzmek;
- täze kiçi synag meýdanlaryny döretmek arkaly ýer gabygynyň seýsmogen ýarykly zolaklaryna alnyp barylýan geofizik monitoringi kämilleşdirmek, bu kiçi synag meýdanlarynda geodinamiki hadysalara, seýsmotektonik işjeňleşme hadysalaryna häzirkizaman toplumlaýyn geofizik gözegçiliklerini alyp barmak.
Häzirki zaman geodinamika we atmosferanyň fizikasy barlaghanasy
- barlag alnyp barylýan çäklerde sebitiň geodinamik häsiýetlerini kesgitlemek maksady bilen gözegçilikleriň deformasion toplumy boýunça maglumatlary (ýeriň üstki gatlagynyň dikleýin, keseleýin hereketleri, ýapgyt ölçeýiş gözegçilikleri) seljermek, häzirkizaman geodinamik işjeňliginiň geofiziki meýdançalaryň üýtgeşmeleri (wariasiýalary) we seýsmik işjeňlik bilen özarabaglanyşygyny ýüze çykarmak, ýertitremeleriň deformasion öňünden duýduryjylaryny gözlemek we olary ýüze çykarmagyň usullaryny kämilleşdirmek;
- alnyp barylýan ölçemeleriň netijelerini toplumlaýyn teswirlemek, bu teswirleme gözegçilikleriň netijelerini işlemegiň (teswirlemegiň) matematik usullaryny işläp düzmekligi we kämilleşdirmekligi hem öz içine alýar, deformirlenýän gaty jisimiň mehanikasynyň çäklerinde häzirkizaman geodinamik hadysalaryň san taýdan modellerini döretmek we kämilleşdirmek, tektonik we tehnogen häsiýetli ýertitremeleriň taýýarlyk hadysalarynyň döreýşiniň seljerme modellerini döretmek.
Barlaglaryň inžener-geologiýa usullary we geodeziki barlaglary barlaghanasy
- Türkmenistanyň topraklarynyň düzümini, ýagdaýyny we häsiýetini öwrenmek boýunça synag (eksperimental) barlaglaryny alyp barmak; gurluşyk alnyp barylýan ýerleriň inženerçilik-geologik şertlerine baha bermek; binalaryň we desgalaryň toprak esaslarynyň seýsmika durnuklylygyny we göterijilik ukubyny üpjün etmek üçin topraklaryň düzümini we häsiýetini öwrenmek boýunça barlaglary alyp barmak;
- Türkmenistanyň şäherleriniň we ilatly nokatlarynyň çäklerini seýsmik mikroetraplaşdyrmak;
- inženerçilik-geologik gözlegleri geçirmek, gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançanyň inženerçilik-geologik şertlerini toplumlaýyn öwrenmek we inženerçilik-geologik elementleri açyp görkezmek, şeýle hem gidrogeologik we geologik hadysalaryň häsiýetlerini, ýerasty suwlaryň wopraklaryň agressiwligini anyklamak;
- inženerçilik-seýsmologik häsiýetleri öwrenmek, gurluşyk üçin niýetlenilýän meýdançalaryň seýsmikligi barada netijenamalary taýýarlamak.