Halkara hyzmatdaşlyk

Halkara hyzmatdaşlygy

Kembrij Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa Forumy tarapyndan amala aşyrylýan “Ýertitremeleriň serhedi ýok” atly uly göwrümli halkara taslamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň alymlary bilen bilelikde paleoseýsmik çukurlar usuly arkaly dünýädäki iň iri süýşmeleriň biri bolan Aşgabat sag tarapky süýşmede meýdan barlaglary geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Russiýa Ylymlar akademiýasynyň O.Ý.Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy institutynyň (RYA ÝFI) arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Däneta koridorynyň takyr gatlaklarynda toplumlaýyn barlaglar alnyp baryldy. Bu barlaglaryň dowamynda soňky birnäçe münýyllyklaryň dowamynda sebitiň seýsmik taryhy we geomagnit meýdanynyň ewolýusiýasy öwrenildi. Ylmy barlaglar Parižiň Ýeriň fizikasy institutynyň (Fransiýa) hünärmenleriniň gatnaşmagynda RYA-nyň Ýeriň fizikasy institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasyndaky “Tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Halkara hyzmatdaşlygynyň Ýapon Agentligi (JICA) bilen “Aşgabat şäheriniň çäklerinde we onuň töwereklerinde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny gowulandyrmagyň taslamasyny” ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki barlaglary geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama boýunça guramanyň Halkara Monitoring Ulgamynyň seýsmologik stansiýalaryny döretmek we onuň Türkmenistanyň territoriýasynda hereket etmegi baradaky” Kararyna laýyklykda ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky şertnamany durmuşa geçirmek boýunça Milli jogapkär edara hökmünde bellenilen Türkmenistanyň YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty Türkmenistanda PS44 seýsmik stansiýasynyň işlemegini üpjün edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan 2018-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çekilen “Seýsmik töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak” atly taslama öz işini 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlady. Taslama toplumlaýyn strategik çemeleşmelerine goldaw bermeklik üçin gönükdirilendir.

2017-nji ýylda Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýa instituty bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen türkmen-azerbaýjan ylalaşyklarynyň hatarynda Türkmenistanyň YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Dolandyryş ulgamlary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Hyzmatdaşlyk hakynda bu Ähtnamanyň çäklerinde ýer titremeler çaklanylanda peýdalanylýan seýsmoakustiki güwwüldileri seljerýän RNM ASP seýsmiki stansiýalaryň ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler geçiriler.