Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy ulgamynda düýpli we toplumlaýyn tejribe-usulyýet barlaglaryny alyp barýan ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň tassyklanan Düzgünnamasyna laýyklykda institut aşakdaky wezipeleri çözmek ugrunda işleri alyp barýar:
- ýertitremeleriň taýýarlyk hadysasy hem-de häzirki zaman geodinamik hadysalar bilen bagly bolan üýtgeşmeleri öwrenmek maksady bilen gözegçilikler usulyýetini işläp düzmek, seýsmik işjeňligiň, geofizik meýdanlaryň, flýuidodinamik we geohimik ululyklaryň (parametrleriň) monitoringini kämilleşdirmek we geçirmek;
- düzgünli gözegçilikleriň we monitoring maglumatlarynyň netijeleriniň esasynda ýertitreme ojagynyň fizikasy, sebit seýsmologiýasy we ýer gabygynyň häzirkizaman geodinamikasy boýunça düýpli we amaly barlaglary alyp barmak;
- seýsmik howpa baha bermegiň (şol sanda, Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmik depginliliginiň (intensiwliginiň) şkalasyny) ylmy usullaryny işläp düzmek, çäkleri dürli jikme-jiklikde seýsmik etraplaşdyrmak (umumy, anyk we mikroetraplara bölmek);
- tehnogen ýertitremeleriň bolup bilmek ähtimallygyny kesgitlemek maksady bilen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň senagat taýdan işlenilýän etraplarynyň we gurluşyk obýektleriniň alnyp barylýan ýerleriniň geodinamikasyny we seýsmik işjeňligini öwrenmek;
- ýertitremeleriň öňünden bolup geçýän anomal hadysalary gözlemek maksady bilen litosfera-ionosfera baglanyşyklaryny öwrenmek;
- gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançada inženerçilik-geologik gözlegleri geçirmek, şol meýdançalaryň inženerçilik-geologik şertlerini we inženerçilik-seýsmologik häsiýetlerini toplumlaýyn öwrenmek we seýsmikligi barada netijenamalary bermek;
- Institutyň Seljeriş geňeşiniň işçi topary tarapyndan seýsmik howpa baha bermek boýunça netijenamalary taýýarlamak we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparyna tabşyrmak;
- Seýsmologik maglumatlar we ylmy barlaglaryň netijelerini alyşmak ulgamynda halkara seýsmologik guramalar we merkezler bilen hyzmatdaşlyk etmek.
TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wezipe sanawy aşakda görkezilen bölümlerden ybarat:
-
Ylmy-barlag barlaghanalary:
- seýsmiki işjeňligiň monitoring barlaghanasy;
- geofiziki gözegçilik barlaghanasy;
- häzirki zaman geodinamika we atmosferanyň fizikasy barlaghanasy;
- barlaglaryň inžener-geologiýa usullary we geodeziki barlaglar barlaghanasy.
-
Seýsmik gulluk:
- stasionar seýsmik stansiýalar (19);
- göçme seýsmik stansiýalar (22);
- obserwatoriýalar (2);
- toparlar (7);
- düzgünli geodeziki gözegçilik topary;
- düzgünli grawimagnit gözegçilik topary;
- elektromagnit we guýy gözegçilikler topary;
- göçme seýsmiki stansiýalar we güýçli ýer süýşmeleri öwrenmek boýunça topar;
- maglumatlaryň üstünde işlemek boýunça topar;
- inžener-tehniki topary;
- Balkanyň toplumlaýyn geofiziki topary.
